Ulanyş barada maglumat:
Fransuz ak palçygy kaolin- gury hem-de duýgur deriler üçin laýykdyr. Deri ýagynyň tebigy önümçiligini bozmazdan öüjüklerdäki hapalary ýuwaşlyk bilen aýyrýar. Kaolin derini iýmitlendirýär, nemlendirýär we ýumşadýar, düwürtikleri azaldýar, kollagen önümçiligini goldaýar, derini has berk we ýumşak edýär hem-de öýjüklerdäki kislorod çalşygyny gowulandyrýar. Köpük hereketi 100% botanika toplumy bilen öýjüklerdäki hapalary we artykmaç deri ýagyny aýyrýar. Tebigy arassalaýjy maddalar we fransuz ak palçygy kaolin ýagly ýaldyramany azaldýan, dykylan öýjüklere aralaşýan, düýpli hapalary we gara nokatlary aýyrýan, deriniň kemsiz tekiz we nemlendirýän galyň kremli köpügine öwrülýär. Epidermisiň (adam derisiniň ýokarky gaty) öli öýjükleriniň gabygyň soýulmagyny keser. Ýapon mannanasynyň (polisaharid) bölejikleri ölen deri öýjüklerini ýuwaşlyk bilen aýyrýar, öçügsiligi peseldýär, deriniň ýalpyldawuk we sagdyn öwüşginini yzyna gaýtarýar. Derini çyglylyk bilen doldurýar. Liliýa ekstraty, gardeniýa we çopantelpek ekstraktlary derini düýpli nemlendirýär, çeýeligini we berkligini ýokarlandyrýar, näzik gül ysyny berýär. Ulanyş usullary – Az mukdarda eliňiziň içine guýuň we köpürjiklediň. Ýüzüňize çalyň, soňra ýuwaş tegelek hereketler bilen önümi ýuwaşlyk bilen çalyň we ýüzüňizi arassa suw bilen durlaň.